2026-njy ýylyň maý aýynyň 12-18-i aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindesportuň jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynyň II tapgyrynda gatnaşan Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Rahmanow Parahat Döwranowiç çykyş edip I orna mynasyp boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy.
Rahmanow Parahat Döwranowiçe geljekde hem sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.