TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNDA “AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2026/2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylary hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň uçurym talyplary bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi.


TDBGI


“Açyk gapylar” gününe Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 33, 46, 50, 77, 86, 116-njy orta mekdepleriniň, hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň gutardyş synp okuwçylary we Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň uçurym talyplary gatnaşdylar.


TDBGI


Çärä gatnaşan bagtyýar ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan syýasatlaryny durmuşa geçirmek boýunça institutymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Institutymyzda öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan döredilýän şekil taslamalary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, meýletinçiler toparynyň taýýarlyklary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, kitaphananyň, talyplar sport klubynyň işi, institutyň muzeýi, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdyryldy.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Baba Myratberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy