Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan “Baýdagymyz başymyzyň täjidir, kanunlarymyz kalbymyzyň güýjüdir!” atly dabaraly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak işine uly itergi berdi.




Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we Magtymguly adyndaky Dil edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa kitaplaryň ynsan kalbynda tutýan orny we türkmen şygryýetiniň dünýä ýüzündäki belent at-abraýy barada gymmatly maglumatlary paýlaşdylar. Olar institutymyzyň meýletinçi talyplaryna ýurdumyzyň ösüşleri we ýaşyl tugumyz barada öz düzen şygyrlaryny okap berdiler. Şeýle hem “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa hem-de “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa dagy öz çykyşlarynda Baş Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň milli döwletliligiň taryhyndaky ähmiýeti we hukuk binýady barada giňişleýin durup geçdiler.

Institutymyzyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şanazar Kadyrow özüniň okan joşgunly şygyrlary bilen baýramçylyk dabarasynyň joşgunyny has-da artdyrdy. Dabarada institutymyzyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmegindäki ruhubelent ýaňlanan aýdymlar döredijilik duşuşygyny has täsirli etdi.


Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan “Baýdagymyz başymyzyň täjidir, kanunlarymyz kalbymyzyň güýjüdir!” atly dabaraly döredijilik duşuşygy bu çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak duýgular galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler türkmeniň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu goşa baýram bilen gutlap, olaryň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy