Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik kafedrasynyň mudiri, halypa mugallym Äşe Gübaýewanyň guramagynda, binagärlik ugrunyň talyplary üçin özboluşly tejribe okuwy geçirildi. "Halypa-şägirt" ýolunyň nusgawy mekdebini ýaşlara nusga görkezmek maksady bilen guralan bu çäre, belli binagär-mugallym M.Meredowiçiň döredijilik ussahanasyna syýahat bilen utgaşdy.

Duşuşygyň dowamynda talyplar halypa binagäriň döredijilik ýoly, amala aşyran taslamalarynyň taryhy we binalaryň gurluşyk pursatlary baradaky gymmatly ýatlamalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Ussahanadaky iş gurşawy, çyzgylar we taslamalar ýaş binagärler üçin hakyky ussatlyk sapagyna öwrüldi.
Duşuşygyň iň täsirli pursatlarynyň biri halypanyň ýaşlara beren ündewleri boldy. M.Meredowiç talyplara ýüzlenip:
"Hünäriňize bolan söýgi siziň iň uly güýjüňizdir. Çyzan her bir çyzygyňyzda, guran her bir binanyňyzda halkymyzyň bagtyýarlygy we ýurdumyzyň gözelligi şöhlelensin" — diýmek bilen, olary täze döredijilikli işlere ruhlandyrdy.
Bu duşuşyk talyplaryň diňe bir nazary bilimlerini däl, eýsem hünärine bolan höwesini hem artdyrdy. Milli binagärlik ýörelgelerini döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrmagyň syrlaryny öwrenen ýaş binagärler, halypanyň ak patasyny alyp, geljekki işlerinde uly üstünlikleri gazanmaga çalyşjakdyklaryny bildirdiler.
