Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Zähmeti goramak - sagdyn we howpsuz şertlerinin girewidir” atly çäräniň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasy tarapyndan, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýokary okuw mekdeplerinde zähmetkeşleriň hem-de talyp ýaşlaryň zähmetini we olaryň saglygyna bolan hukugyny goramak, edara- kärhanalarda işgärlere sagdyn, howpsuz zähmet şertleriniň döredilşine, tehniki hem-de ekologiya howpsuzlygynyň doly derejede berjay edilşine, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilşine ünsi çekmek maksady bilen, institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda okuw binalarynyň, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini arassalamak bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşlaryň sport endiklerini has-da kämilleşdirmek boýunça köpçülikleýin ýowar hem-de düşündiriş-terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-ündew işleri geçirildi.


Baba Myratberdiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy