YLYM WE ÖNÜMÇILIK: GELJEKKI INŽENER-GURLUŞYKÇYLARYŇ TEJRIBE SAPAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrmak maksady bilen, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Senagat we raýat jaý gurluşygy" kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary üçin täze gurulýan döwrebap binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda giňişleýin göçme okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Kafedranyň uly mugallymy Meýlis Nuryýew we öwreniji-mugallym Babajan Muhadowyň ýolbaşçylygynda guralan bu okuw maslahatynda talyplar gurluşykda ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň işleýiş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Esasy üns binalaryň düýp binýadynyň tutulyşyna, demir-beton we polat konstruksiýalaryň gurnalşyna hem-de gurluşygyň hilini barlamagyň döwrebap usullaryna gönükdirildi.


TDBGI


Göçme okuwyň dowamynda talyplar gurluşyk meýdançasynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenler bilen pikir alyşyp, binalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmek we gurluşyk kadalaryny (СНиП) dogry berjaý etmek boýunça amaly maslahatlary aldylar. Munuň ýaly çäreler talyplaryň okuwda alan bilimleriniň önümçilikde nähili amala aşyrylýandygyny öz gözleri bilen görmäge we geljekki hünärine bolan höwesiniň has-da artmagyna ýardam edýär.


TDBGI