Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary “Türkmen aýna önümleri” kärhanasyna okuw-önümçilik tejribeliginde

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň talyplary “Türkmen aýna önümleri” kärhanasyna okuw-önümçilik tejribeligine gitdiler. Tejribeligiň dowamynda talyplar aýna önümçiliginiň esasy tapgyrlary bilen giňişleýin tanyşdylar, çig mallary taýýarlamak, aýna massasyny eretmek, önümleri şekillendirmek, sowatmak hem-de taýýar önümleri gaýtadan işlemek tehnologik proseslerini öwrendiler. 


TDBGI


Şeýle hem talyplar döwrebap önümçilik enjamlarynyň işi, çig malyň we taýýar önümleriň hiline laboratoriýa gözegçiligi, berkligi, durulygy hem-de standartlara laýyklygyny barlamagyň usullary bilen tanyşdylar. Zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we ekologiýa talaplaryna aýratyn üns berildi. 

Okuw-önümçilik tejribeligi talyplara nazary bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmäge, hünär başarnyklaryny ösdürmäge we geljekki kär ýoluna has çuňňur taýýarlanmaga uly mümkinçilik berdi.