Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Behişdi bedewler – türkmeniň uçar ganaty” atly okuw seminary geçirildi. Türkmenistanyň atçylyk sportuna we milli gymmatlyklaryna bagyşlanan bu çäre institutyň Meýletinçiler merkezi hem-de “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. 


TDBGI


Okuw seminarynyň dowamynda aşakdaky mowzuklar boýunça gyzykly çykyşlar diňlenildi: “Ýurdumyzda geçirilýän halkara bedew gözelligi – ajaýyp sungat” – “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa halkara bäsleşikleriniň ähmiýeti barada durup geçdi; “Türkmenistan – ganatly bedewleriň mekany” – “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Züleýha Orazowa ahal-teke bedewleriniň taryhy we dünýädäki şöhraty barada gürrüň berdi; “Magtymgulynyň şygyrlarynda bedewiň waspy” – “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Orazgül Berdiýewa akyldar şahyrymyzyň eserlerinde atlara berilýän ýokary baha barada giňişleýin dündürdi; “Atda sapa-da bar, wepa-da bar” – “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Serdar Durdyýew bedew bilen ynsanyň arasyndaky ruhy baglanyşygy nygtady; “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri – “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Hangeldi Ballyýew türkmen jigitleriniň dünýä arenalaryndaky ýeňişleri barada täsirli çykyş etdi. Bu guralan okuw seminary meýletinçi talyplarda ahal-teke bedewlerimize bolan milli buýsanjy artdyrmakda we geljekki halkara çärelerinde ýurdumyzyň medeni mirasyny mynasyp tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. 


TDBGI


Okuw seminaryň ahyrynda çykyş edenler türkmeniň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewlerimiziň waspyny arşa götermekde biziň her birimize görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  köp sag bolsunlaryny aýtdylar.


TDBGI


Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy