Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Fizika” kafedrasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy” derslerinden ders bäsleşikleriniň II tapgyry Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri we Ahal welaýaty boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda we Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda gatnaşmak usulynda geçirildi.

Bu bäsleşiklere ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasyndan ders bäsleşikleriniň I tapgyrynda ýokary netijeleri görkezen okuwçylar şeýle hem “Fizika” dersinden hem ders bäsleşikleriniň II tapgyryna okuwçylary işjeň gatnaşdylar.

