Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we bu pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň biridir. Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy özeni — oba hojalygynda bar bolan çäkli tebigy baýlyklary (suw, toprak, biologik serişdeler) aýawly saklamak we olary sanly ulgam arkaly dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmakdan ybarat boldy.

Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden alymlar, hünärmenler we sanly tehnologiýalar boýunça bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda möhüm temalar boýunça çykyşlar diňlenildi we pikir alyşmalar geçirildi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Şanazar Bäşimowyň hem-de mugallymlar Bägül Ataýewanyň, Batyr Nowruzowyň “Türkmenistanda ýerasty ýyladyşhanalaryň oba hojalyk netijeliligi” atly çykyşy hem örän täsirli geçdi. Geçirilen bu halkara ylmy-amaly maslahaty oba hojalygynda ylmyň we sanly tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny ulanmagyň zerurdygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu çäre halkara tejribe alyşmak we geljekde "ýaşyl" ykdysadyýeti ösdürmek üçin möhüm platforma boldy. Türkmen oba hojalyk institutynyň onlaýn ylmy-okuw maslahatynda sorag-jogap alşyldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşyl tehnologiýalara esaslanýan ykdysady ösüşleri amala aşyrmakdaky döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
