Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk meýdançasynda häzirki zaman ölçeg usullary” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi
25-04-2026
24
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy N.Özbekow tarapyndan “Gurluşyk meýdançasynda häzirki zaman ölçeg usullary” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär mekdebiniň wekilleri özara tejribe alyşdylar.
Çykyşda häzirki zaman gurluşyk ölçeg usullary, lazer we sanly tehnologiýalary ulanmak, olaryň kömegi bilen işiň takyklygyny we tizligini ýokarlandyrmak, adam ýalňyşlygyny aradan aýyryp, gurluşygyň hilini artdyrmak barada giňişleýin gürrüň berildi.