Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp gyzlaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde “Geodeziya üytgeyän gurşawda” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Geodeziýa irki döwürde diňe ýer paýlamak ýa-da ýol gurmak üçin ulanylan bolsa, şu günki günde ol ekologiýa gözegçilik edyän ulgama öwrüldi. Uzakdan zondirleme we emeli hemralaryň tehnologiýalary arkaly hünärmenler planetanyň islendik nokadyndaky üýtgeşmäni millimetr takyklygynda hasaplaýarlar.
Häzirki zaman geodeziýasy emeli hemralaryň we ýokary takyklykly lazer enjamlarynyň kömegi bilen ýer gabygynyň iň uly bolmadyk hereketlerini hem hasaba alýar. Bu bolsa, tebigy betbagtçylyklary, mysal üçin, ýer süýşgünlerini ýa-da suw joşgunlaryny öňünden çaklamaga mümkinçilik berýär. Üýtgeýän gurşawda islendik täze gurluşyk meýilnamasy hünärmenleriň takyk hasaplamalaryna esaslanýar.
Maslahatyň dowamynda fakultetiň mugallymlary we talyplary özarasynda sorag-jogap alyşdylar.