2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň uly mugallymy A.Garajaýew tarapyndan “Seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri özara tejribe alyşdylar.

Çykyşda seýsmologiýa we seýsmikadurnukly gurluşygyň ähmiýeti, heläkçilikli ýertitremeler boýunça umumy maglumatlar, seýsmiki töwekgelçilik, onuň bahalandyrylmagy we peseldiş usullary, ýol esasynyň (toprak gatlaklarynyň) berkitmegiň ähmiýeti, köprüleri we estakadalary seýmiki goramak barada giňişleýin gürrüň berildi.
