Binagärlik we dizaýn: Nazaryýetden tejribä atly bilim hyzmatdaşlyk duşuşygy.

Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan "Binagärlik we dizaýn: Nazaryýetden tejribä" atly ylmy-amaly duşuşyk ýokary derejede geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara tejribe alyşmagy we bilim hyzmatdaşlygyny berkitmegi baş maksat edindi. Duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň professor-mugallymlary we talyplary aýratyn işjeňlik bilen gatnaşyp, özleriniň nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmagyň döwrebap usullary barada gyzykly çykyşlary hödürlediler.


TDBGI


Çäräniň dowamynda binagärlik sungatynyň täzeçil dizaýn çözgütleri bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem häzirki zaman şähergurluşygynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar barada giňişleýin durlup geçildi. Gatnaşyjylar binagärlik taslamalaryny düzmegiň inçe tilsimleri, gurluşyk serişdeleriniň dizaýn bilen sazlaşygy hem-de talyplaryň bu ugurda alyp barýan ylmy-döredijilik işleri barada pikir alyşdylar. Bu bilim hyzmatdaşlygy diňe bir nazary maglumatlary baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem talyplaryň geljekki hünär işjeňliginde uly ähmiýete eýe boljak amaly endikleriň kemala gelmegine hem itergi berdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle mazmunly hyzmatdaşlygyň yzygiderli dowam etdirilmeginiň ýaş hünärmenleriň kämilleşmeginde möhüm orun tutýandygyny belläp geçdiler.


TDBGI