Bilim we hünär: Geljege tarap ynamly ädim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi we jemgyýetde öz ornuny tapmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýaşlaryň intellektual kuwwatyny artdyrmaga we olaryň saýlap alan hünärleri boýunça ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.


TDBGI


Şu maksat bilen, 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň "Ýokary matematika" kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän takyk we daşary ýurt dilleri derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiniň gutardyş synplarynyň okuwçylary bilen wagyz-nesihat we hünäre ugrukdyryş ýygnagy geçirildi. Bu çäre okuwçy ýaşlaryň geljekki hünär saýlawyna goldaw bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Duşuşyk diňe bir tanyşdyryş bolman, eýsem ýaşlaryň döwletimiziň ösüşlerine goşjak goşantlaryna bolan ynamyny has-da berkidýän wagyz-nesihat çäresine öwrüldi.


TDBGI


TDBGI


TDBGI