Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Ýol gurluşyk işlerini kämilleşdirmek” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi.

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi  tarapyndan “Ýol gurluşyk işlerini kämilleşdirmek” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.


TDBGI


Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri özara tejribe alyşdylar.


TDBGI


Çykyşda ýol gurluşyk işlerini kämilleşdirmek, ýol gurluşygynyň gatlaklarynyň yzygiderligi,  ýol düşeginiň zaýalanmagynyň sebäpleri barada giňişleýin gürrüň berildi.