“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara çäreleriň geçirilýän mekany” atly okuw seminary geçirildi

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, Türkmenistanyň Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi mynasybetli meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, olaryň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň Himiýa tehnologiýasy fakulteti bilen gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara çäreleriň geçirilýän mekany” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Bu okuw seminarynda mugallymlar ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerde meýletinçi talyplaryň gazanan tejribeleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – halkara çäreleriň geçirilýän mekany barada, Türkmenistan watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň pugtalanmagy, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerde meýletinçileriň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Meýletinçilik — diňe bir kömek bermek däl, eýsem, talyplar üçin uly durmuş we hünär mekdebidir. Olar türkmen halkynyň myhmansöýerligini, däp-dessurlaryny dünýä tanyşdyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde, dürli halklaryň medeniýetini we dünýägaraýşyny ýakyndan öwrenip, öz gözýetimlerini giňeldýärler. Halkara çärelerde toplanan bu tejribeler talyplaryň geljekki hünär durmuşynda iň uly “maýa goýumydyr”. Ýurdumyzda meýletinçilik hereketiniň goldanylmagy, ýaşlaryň diňe bir bilimli däl, eýsem, dünýä tejribesinden habarly, özüne ynamly şahsyýetler bolup ýetişmegine ýol açýar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Meýletinçiler merkeziniň başlygy