STEM maksatnamany ornaşdyrmagyň netijeleri

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda  2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde STEM  usulyýetini peýdalanyp  “Inžener gözlegleriň gurnalyşy” atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. 


TDBGI


Maslahata ýurdymyzyň baýry ýokary we hünärment mekdepleri gatnaşdylar, olardan Türkmenistanyň inzener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň, Türkmen Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary işjeň gatnaşdylar.  

Çykyş edenler STEM maksatnamanyň ähmiýetini, ýagny (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik, Matematika)  usulynda okadylanda sapaklary tebigy ylymlar, tehnologiýalar, inženerçilik dersleri we matematika bilen utgaşdyryp geçilýän okuw maksatnamasydygyny bellediler. Mundan başga hem bu adalgany tejribeligiň we proseslere çuň düşünmegiň esasynda aňsat bilim almaga we özleşdirmäge mümkinçilik berýändigi, ylmy hadysalary ýönekeý we elýeterli ýagdaýda keşpleşdirmek arkaly amala aşyrylýan okuwyň çemeleşmesini düşündirmek üçin ulanmak dersiň esasy meselesi bolup durýandygy barada maslahatlaşyldy. Çykyşlarda häzirki zaman bilim bermegiň usulyýeti, sanly ykdysadyýetiň çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň netijeli ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi, mysallar arkaly beýan edildi.  

Berkarar döwletimizde täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. 

Maslahata gatnaşan mugallymlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Hormatly Prezidentimize Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüys ýurekden arzuw etdiler.