SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan sportuň we sagdynlygyň ýurduna öwrüldi. Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni her ýylyň 7-nji aprelinde döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenip geçilýär. Bu sene mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary we dürli medeni çäreler guralýar. 


TDBGI


Saglyk gününiň bellenilmegi halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň beýanydyr.


TDBGI


Baýramçylyk dabaralarynyň iň esasy bölegi bolan köpçülikleýin tigir ýörişine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň "Tigir" binasynyň ýanyndan badalga alan bu ýöriş, talyplarda sporta bolan höwesi artdyrmak bilen bir hatarda, agzybirligi we sagdynlygy dabaralandyrdy.