Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna bagyşlanyp, Binagärlik-gurluşyk fakulteti tarapyndan Zoom platformasynda geçirilýän onlaýn seminarlaryň meýilnamasyna laýyklykda nobatdaky maslahat ýokary derejede guraldy.

Bu gezekki maslahat “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Saparowyň “Tebigy suwlary süzmek” atly temasy esasynda alnyp baryldy. Çykyşda tebigy suwlary arassalamagyň döwrebap usullary, olaryň ekologiki taýdan ähmiýeti hem-de amaly taýdan ulanylyşy giňişleýin beýan edildi.
Onlaýn maslahatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly we sanly tehnologiýalary erkin peýdalanyp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle-de talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, okuw işine täzeçil çemeleşmeleri ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşyp, öz pikirlerini we tekliplerini paýlaşdylar.
