Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplaryna gurluşygy alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyna göçme okuw sapagy gurnaldy
13-05-2026
682
Talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini önümçilik bilen baglanyşdyryp geçmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmen döwlet-binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda gurluşygy alynyp barylýan institutyň täze binalar toplumynda gözme okuw sapagy geçirildi. Talyplar täze binalar toplumynda uly depgin bilen alynyp barylýan gurluşyk işleri bilen giňişleýin tanyş boldular.Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar gurluşyk meýdançasynda Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhananyň degişli hünärmenleri bilen özara pikir alyşdylar.