Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde ”Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýylynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar” ady bilen geçirilen halypa-şägirt sapagy

2026-njy ýylyň 4-nji maýynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at--myradyň mekany ýylynda bilim özgertmeleri rowaçlanýar” atly temada paýtagtymyzyň 116-njy orta mekdebiniň uçurymlary bilen TDBGI-niň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň JÖÝ kaferasynyň uly mugallymlary Z.Orazowanyň, O.Berdiýewanyň, A.Annamyradowanyň  gatnaşmagynda halypa-şägirt duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimi we ylymy ösdürmäge, döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmage gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde giň möçberli oňyn netijeleriň yzygider gazanylýandygy, şeýle hem bu günki günde ýaş nesilleriň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleriň geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Aýratyn hem, “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda umumbilim berýän orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlar üçin maý aýynyň aýgytly orun eýeleýändigini bellediler. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, gyzyklanýan ugurlary boýunça  dürli maglumatlary bermek maksady bilen,  ýokary, orta we hünär-tehniki okuw mekdeplerinde her ýyl “Açyk gapylar” günleriniňgeçirilýändigi bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Şonuň bilen birlikde-de, uçurymlara ýurdumyzyň tehniki okary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýan TDBGI-ynda geçirilýän “Açyk gapylar” günlerine  gatnaşmagy maslahat  berdiler.