Binagärlik ylmy — rowaçlygyň binýady, döredijilikli zähmet — geljegiň galkynyşy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä möçberli gurluşyk meýdançasyna öwrülip, her bir täze gurulýan desga rowaçlygyň hem-de halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladanyň nyşanyna öwrüldi. «Türkmenistan» gazetiniň 2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda çykan 43-nji (31657) sanynda institutymyzyň uly mugallymy Yslamberdi Tyllanurowyň «Gurmak we döretmek ýoly bilen» atly makalasy çap edildi.

Awtoryň makalasynda Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň netijeleri seljerilýär we 2026-njy ýyl üçin öňde duran belent maksatlar bellenilip geçilýär. Makalada Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ösüşlerine aýratyn orun berilýär. Institutymyzyň 5000 orunlyk täze döwrebap binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy baradaky maglumatlar, döwletimiziň geljekki binagär hünärmenlere uly ynam bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly mugallymlarymyzy, talyp ýaşlarymyzy we saýtymyzyň myhmanlaryny ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudagynyň belent sebitleri we geljekki meýilnamalary baradaky bu gyzykly makala bilen içgin tanyşmaga çagyrýarys.


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.