2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Patrisa Lumumba adyndaky Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetiniň Dolandyryş ýokary okuw mekdebiniň “Daşary ýurt dilleri” kafedrasynyň we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň Odintsowo bölüminiň Maliýe ykdysadyýeti fakultetiniň “Iňlis dili” kafedrasynyň gurnamagynda “Oбучение переводу в неязыковом вузе: актуальные вопросы и современные тенденции” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu halkara çärä Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk insitutynyň “Diller” kaferdasynyň mugallymy Nabat Garryýewa gatnaşyp, “Relevance of the english language in technical universities: Extralinguistic difficulties in translating and understanding technical texts” atly tema bilen çykyş etdi. Halkara ylmy-amaly maslahatyna Moskwa döwlet gurluşyk uniwersitetiniň, Sankt-Peterburgyň Beýik Pýotr (Pýotr Welikiý) adyndaky politehniki uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar we özleriniň gyzykly çykyşlaryny etdiler. Bu Halkara ylmy-amaly maslahaty tejribe alyşmakda hem-de tehniki ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.