Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagy geçirildi
11-02-2025
522
10-njy fewralda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň nesil terbiýesindäkiorny we ähmiýeti barada talyplara giňişleýin gürrüň berildi. Talyp ýaşlara milli ýörelgelerimiz, parahatçylyk söýüjilik ýolumyz hakynda giňişleýin nygtalyp geçildi. Ilkinji okuw sapagyna institutyň tejribeli mugallymlary talyplara ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany höküminde ykrar edilýändigi wagyz edildi.