Türkmenistanda Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) güni dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň  Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanda Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) güni dabarasynyň geçirilmegi esasynda gurnalan okuw maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ITEC maksatnamasynyň çäklerinde kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan mugallymlary  hem gatnaşdylar. Bu maslahatyň dowamynda türkmen-hindi dost doganlyk gatnaşyklaryny geljekde giňden ösdürmek barada  şeýle hem ylym-bilim pudagynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi giňeltmek maksatlary barada dürli çykyşlar edildi.

Öňden bilişimiz ýaly, biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyz bilen Hindistan respublikasynyň birnäçe ýokary okuw jaýlary ylym-bilim pudagynda yzygiderli hyzmatdaşlygy saklaýar.

Bu maslahatyň dowamynda dürli wideo şekilleriň üsti köp maglumatlar görkezildi. Çykyşlaryň dowamynda türkmen-hindi dost doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde döredilýän giň gerimli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdyldy.