“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça oňyn ýörelgeler uly depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olara berilýän bilimiň hilini berkitmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şol işleriň hatarynda bolsa, fewral aýynyň 7-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Kent döwlet uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Ilatyň gürlügini hasaba alyp taslamak: goşmaça ýaşaýyş jaý serişdeleri barada söhbetdeşlik” atly temada onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hünärmenleri, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Çuýahoga etrabynyň meýilnamalaşdyryş toparynyň wekilleri Patrik Hewitt we Reýçel Nowak, Kliwlend Heights şäheriniň meýilleşdiriş we ösüş müdiri Erik Zumft şeýle-de Onyx Creative uly binagäri Tommy Çesnes binagärlik, gurluşyk we dizaýn ugurlary boýunça öz tejribeleri barada çykyş etdiler.
Maslahat Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Maslahatyň dowamynda çykyş edilen temalar şähergurluşygynda ýerleri tygşytly peýdalanmak, ýaşaýyş jaýlaryny dogry meýilleşdirmek, ilatyň sany, sosial we ykdysady meseleleriň şähergurluşyga ýetirýän täsiri barada bolup, daşky gurşaw meseleleriň çözgütlerini öz içinde jemleýär. Bu meseleleriň we olaryň çözgütleriniň dürli prezentatsiýalar arkaly görkezilmegi, oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanmaly döretdi. Ýurduň şähergurluşygyny ösdürmek maksady bilen dürli bäsleşikler yglan edilip, bäsleşikleriň ýeňijileri we ýerine ýetirilen taslamalar metbugat sahypalarynda işjeň çap edilýär diýip çykyş edenler belläp geçdiler. Bäsleşige hödürlenýän taslamalara ilat tarapyndan teklipleri bermäge we olara ykdysady taýdan seljermeleri geçirmäge bar bolan mümkinçilikler barada bellediler. Bu bolsa, ýaşlaryň ýerine ýetirýän taslamalarynyň has netijeli bolmagyna täsir edýär. Bu maslahat özara tejribe toplamaga we ilatyň isleglerini doly kanagatlandyrýan, ykdysady we ekologiýa taýdan amatly taslamalary ýerine ýetirmäge we dünýä dillerini özleşdirmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Pursatdan peýdalanyp, dünýä derejesinde ykrar edilen abraýly ýokary bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmekde döredýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty