Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Aziýa Kubogy – 2025-de baýrakly orna eýe boldy

2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde sportuň dzyudo görnüşi boýunça halkara derejesindäki “Aziýa Kubogy – 2025” atly çempionat geçirildi. Aziýanyň dürli döwletlerinden türgenleriň gatnaşmagynda geçen bu ýaryş ýokary bäsdeşlik ruhunda geçirildi. Bu ýaryşda ýurdumyzyň adyndan çykyş eden Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) 2-nji ýyl talyby Aýhanow Agajan hem gatnaşdy. Ol -81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, mynasyp derejede özüni görkezdi. Agajan Aýhanow güýçli türgenleriň arasynda tapawutlanyp, ikinji orna mynasyp bolup, kümüş medaly gazandy. Bu ýeňiş ýurdumyzyň ýaşlaryna berilýän sport mümkinçilikleriniň, ýokary okuw mekdeplerindäki beden taýýarlygyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň netijesidir. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty diňe bir gurluşyk, inženerçilik we binagärlik ugrundan ýokary hünärmenleri taýýarlamak bilen çäklenmän, talyplaryň köpugurly ösüşine — şol sanda sport başarjaňlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Institut ýolbaşçylary we mugallymlar topary Agajan Aýhanowy bu abraýly üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa täze sepgitlerde hem üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärler.