TEJRIBE – HÜNÄR TAÝÝARLYGYNYŇ KEPILI

Eziz Watanymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda harby ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýokary hünärli milli harby hünärmenleri taýýarlap we terbiýeläp ýetişdirmek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan döwlet ösüşi­niň anyk kesgitlenilen strategik wezipeleriniň biri bo­lup durýar. Bilime teşne harby talyp ýaşlaryň bilimdir başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirkizaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça bilim-sowat bermek möhüm wezipe bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda açylan Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary şu günler okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, serkerde-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokary okuw  mekdebiň çäginde we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerli raýat goranyşy we halas ediş işleri edaralarynda hem-de ýurdumyzyň senagat desgalarynda okuw tejribeligini geçýärler.

Döwletimizde raýat goranyşy çygrynda ýokary hünär derejeli harby hünärmenleri taýýarlamakda bu geçirilýän tejribe okuwlarynyň ähmiýeti diýseň uludyr. Hususanda raýat goranyşy ulgamynda Ýaragly Güýçleriň hatarynda yzygiderli gelip gowuşýan häzirkizaman harby tehnikalaryň niýetlenişi, ulanylyşy, tehniki häsiýetnamalary we olara hyzmat etmegiň usullary barada giňişleýin maglumatlar harby talyplarda uly gyzyklanma döredýär. Okuw maksatnamasy esasynda guralýan tejribelilik sapaklarda harby talyplar raýat goranyşynyň birinji derejeli wezipelerini, ýagny ilaty we hojalygy ýörediji desgalary goramak,  gurluşykda we himiýa senagatynda hem-de beýleki tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýitgini azaltmagyň bähbitleri üçin ilatyň hereketiniň amatly usullaryny, raýat goranyşyň möhüm ugurlaryny ylmy taýdan kesgitlemegiň we çäkleri hem-de hojalygy ýöretmegiň desgalaryny öz wagtynda taýýarlamagyň esaslaryny özleşdirdiler. Geçirilen okuw tejribelik sapaklary harby talyp ýaşlarda hem-de asylly käri mynasyp dowam edýän serkerde-mugallymlarda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan çäksiz söýgini has-da artdyrdy.

 

Nurýagdy AKMÄMMEDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, polkownik.