Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda önümçilik bilen teoriýanyň sazlaşygy täze derejä çykarylýar. Şeýle mümkinçilikler ýaş nesliň häzirki zaman senagatynyň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna, bilimlerini tejribe arkaly berkitmegine giň ýol açýar.
Şu maksat bilen, Türkmen dowlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary Aýna zawodyna okuw-önümçilik tejribeligine gitdiler.
Okuw-önümçilik tejribesiniň çäklerinde talyplar zawodyň umumy gurluşy, önümçilik tapgyrlary, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen işleşiş tertibi bilen tanyşdylar. Zawodyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen sapaklarynda aýna önümçiliginiň gurluşyk pudagyndaky ähmiýeti giňişleýin beýan edildi.
Talyplar gurluşyk üçin ulanylýan dürli görnüşli aýnalaryň – ýylylygy saklaýjy, ýangyna garşy, ses izolýasiýasy üçin niýetlenen görnüşleriniň taýýarlanylyşynyň ädimme-ädim ösüşini gözden geçirdiler.
Okuw tejribesiniň dowamynda talyplar aýna önümleriniň ýol desgalarynda – ses aýyrmak diwarlarynda, ýol belgilerinde, ýolýaka bezeg elementlerinde, häzirki zaman ýol yşyklandyryş we bezeg çözgütlerinde nähili peýdalanylýandygyny hem anyk mysallarda gördüler.
Zawodyň tehnologlary we inženerleri tarapyndan talyplara ekologiýa taýdan arassa önümçilik ýörelgeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, howpsuzlyk kadalary baradaky maglumatlar hem ýetirildi. Talyplar bu tejribe arkaly öz hünär ugry bilen bagly önümçilikde ulanylýan innowasion tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Olar geljekki inženerler hökmünde önümçilik düşünjesini giňeldip, täze gözýetim gazandylar.
Okuw tejribesi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, bilim bilen tejribäniň utgaşmagyna, iş tejribesiniň irki döwürde başlamagyna ýardam berdi. Tejribä gatnaşan talyplar tarapyndan şeýle çäreleriň dowamly guralmagy baradaky teklipler hem beýan edildi.
Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň Aýna zawodyna eden okuw-önümçilik tejribesi, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň önümçilik bilen berk baglanyşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu tejribe ýaşlara diňe bir amaly başarnyklary däl, eýsem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösüşine şahsy goşant goşmak üçin güýç-kuwwat hem berýär.