“Arkadag şäheri – Milli Liderimiziň adamzada serpaýy” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlary şol sanda milli bilim we ylym ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar.

Häzirki zamanyň ösen we amatly şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň 2 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Arkadag şäheri – Milli Liderimiziň adamzada serpaýy” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi. 

Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Täze şäherde sanly ulgamyň soňky gazananlarynyň, döwrebap innowasion çözgütleriň, «akylly» tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan işleriň barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. 

Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelän Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellikler bar. “Döwlet ähmiýetli şäher” - diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäherde milli binagärligiň nusgalyk däpleri, şähergurluşyk we dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşýar.  Şäherde ekologiýa we tebigaty goramak babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän giňişleýin düzümiň döredilendigi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Türkmen binagärliginiň özboluşly ýörelgeleri bilen dünýäniň häzirki zaman binagärlik tejribesiniň sazlaşygy esasynda gurlan bu şäherde ata-babalarymyzyň miras goýan milli gymmatlyklary, hususan-da, nurana ahalteke bedewlerimiziň keşbi, haly gölleri, mukaddes türkmen topragynyň gaýtalanmaýan gözellikleri öz beýanyny tapýar.

“Arkadag şäheri – Milli Liderimiziň adamzada serpaýy” atly ylmy makalalar ýygyndysynda neşir edilen makalalary ýurdumyzyň binagärlik we gurluşyk, himiýa, ykdysadyýet pudaklarynyň we ylmy, taslama-önümçilik kärhanalarynyň işgärlerine hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

 

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy.