TALYP TÜRGENLERIŇ NOBATDAKY ÝEŇIŞLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda 2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Halkara Olimpiýa güni” mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Halkara olimpiýa komitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň sport toplumynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça sport bäsleşikleri geçirildi.
Bu geçirilen bäsleşikde sportuň ýeňil atletika görnüşiniň 800 metr aralygy boýunça ylgaw ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ogulmaýsa Şageldiýewa I orna, Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Salina Bagtyýarowa III orna mynasyp bolup, hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.