2025-nji ýylyň 13-15-nji iýuny aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetininiň “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Şyhberdi Rahmanow sprotuň jiu-jitsu görnüşi boýunça Mediterranean Open 2025 Grand Pri-niň ýeňijisi boldy. Ýaryş Italiýanyň Rim şäherinde geçirildi. Şyhberdi Rahmanow 21 ýaşlylaryň we ulularyň arasynda 62 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşip, I orna mynasyp boldy.