Göçme tejribe okuw sapagy

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda “Suw üpjünçiligi, ulanylan suwlary akdyrmak we suw gorlaryny goramak” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary üçin önümçilik sapagy geçirildi. Sapak, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ajap-gurluşyk” hususy kärhanasynyň 5 müň orunlyk täze gurulýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi. Önümçilik sapagy kafedramyzyň uly mugallymy Gurbansoltan Myradowanyň ýolbaşçylygynda guraldy. Talyplar gurluşyk meýdançasynda baş bina hem-de okuw binalarynyň gurluşyk tehnologiýalary, sowuk we gyzgyn suw üpjünçiligi ulgamlarynyň daşarky ulgam boýunça galereýa arkaly geçirilişi, olaryň paýlanyşy hem-de degişli taslama çözgütleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de, olar içerki suw geçiriji we ulanylan suwlary akdyrmak ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurnama we gurulma işleri barada hem giňişleýin maglumat aldylar. “Jaýlaryň inžener enjamlary” dersinden “Dürli maksatly jaýlaryň içki suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyrmak ulgamlary” temasy boýunça nazary bilimlerini häzirki wagtda alnyp barylýan gurluşyk we önümçilik işleri bilen baglanyşdyrdylar. Talyplar gurluşyk işgärleri bilen söhbetdeş bolup, hünärleri boýunça sorag-jogap esasynda tejribelerini baýlaşdyrdylar. Bu önümçilik sapagynda alnan maglumatlaryň olaryň ýyllyk we diplom taslamalaryny taýýarlamakda uly kömek berjekdigine ynanýarys.