2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Şäher gurluşygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary üçin gyzykly we täsirli göçme okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy kafedranyň tejribeli mugallymy M.Nuryýewiň ýolbaşçy-lygynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi.
Kärhananyň hünärmenleri talyplara gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleri we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Soňra talyp ýaşlar kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdylar.
Bu gezekki göçme okuw sapagynda talyplar esasan 800 orunlyk kitaphananyň gurluşygy bilen sorag-jogap alşyp içgin tanyşdylar. Kitaphana binanyň 2-nji gatynyň sütünleriniň demirbeton işleriniň dowam edýän ýerinde talyp ýaşlarymyz armaturalaryň ölçegleri (markalary we klaslary) bilen tanyşyp, hemde beton ýassyjyklaryň armirlenen armatura bilan galybyň arasyna baglanşygyny gözleri bilin görüp öz elleri bilen ýerine ýetirmäge synanyşdylar.
Talyplar fakultetleriň okuw binalarynda alnyp barylýan mermer örmek işleri bilen has giňden tanyşyp olar mermeriň nähili oturdylyşyny, nähili usulda kesilişi bilen has giňden tanyşdylar.
“Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan guralan bu sapak diňe bir gurluşyk prosesleriniň tehniki taraplaryny düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň çözgüt gözleg ukybyny, toparlaýyn işleşmek başarnygyny hem ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle göçme okuw sapaklary ýaş gurluşykçylaryň tejribe toplamagyna, hünär taýdan pugtalanyp, geljekki zähmet ýoluna ynam bilen başlamagyna giň mümkinçilik döredýär.