2025 – nji ýylyň maý aýynyň 27 – ine Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 3 – nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlaryň arasynda “Gurama” we onuň aýratynlyklary atly gürrüňdeşlik geçirildi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli mirasymyz halkymyzyň ruhy durmuşynyň aýnasyna öwrülýär. Ene – mamalarymyzdan galan el işlerini dikeltmek, olary ýaşlarymyza öwretmek babatynda hem uly işler alnyp barylýar. Şeýle el işleriniň biri hem guramadyr. Gurama guramak hem gelin – gyzlarymyzyň arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän sungat hasaplanýar.
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň talyp gyzlary dürli matalaryň böleklerinden dürli görnüşli düşekleri we öýleri bezemek üçin torbalary dikip sumgat derejesine getirýärler. Bu sungatymyzy ýaş nesillerimize yzygiderli geçirilýän ýygnaklaryň üsti bilen ýetirýaris.
Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň
ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy
Arzygül Annagulyýewa