Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri Russiýa Fedrasiýasynyň “Rosatom” koorporasiýasynyň Gyrgyzystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýolbaşçysy we wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Atom energiýasy boýunça “Rosatom” koorporasiýasynyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky şahamçasynyň baş direktory Dmitriý Konstantinow bilen duşuşdy.

Duşuşykda “Rosatom” koorporasiýasynyň Gyrgyz Respublikasyndaky şahamçasynyň baş direktory Dmitriý Konstantinow koorporasiýanyň inženerçilik ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak barada alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Ol  “Rosatom” tarapyndan gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça hem işleriň alnyp barylýandygyny, Gyrgyzystanyň Issyk-Kul sebitiniň Balykçi şäherinde kuwwaty 100 MWt bolan ýel elektrik stansiýasyny gurmak barada maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Gyrgyzystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Ylalaşyk baglaşylandygyny we stansiýanyň gurluşyk işlerine başlanandygy barada gürrüň berdi. D.Konstantinow gün we ýel energiýasyny ulanmakda bilelikde iş alyp barmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi. 

Duşuşykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler we  alternatiw energiýa çeşmelerini öndürmek boýunça institutda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada gürrüň berildi. Şeýle-de, myhman institutda taýýarlanan binagärlik-taslama işleri bilen tanyşdyryldy.

Soňra ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

 

              Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi