Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli, giň hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende göterilmegini üpjün edýär. Bu strategik ugurda ýaşlaryň öňe sürülmegi we olaryň dünýä derejesindäki çärelerde mynasyp çykyş etmegi ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynyň aýdyň beýanyna öwrülýär.
2025-nji ýylyň 21-24-nji maýy aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň agza ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ýaşlar forumy hem şu nukdaýnazardan aýratyn ähmiýete eýedir. Sebit we dünýä derejesindäki ýaş liderleriň, jemgyýetçilik wekilleriniň, bilim ulgamynyň öňdebaryjylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu forumda halkara gatnaşyklarynda ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmak, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan döwletinden hem wekiliýetiň gatnaşmagy ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň, onuň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu forumda ýurdumyzyň wekili bolan ýaş ilçi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Yslam Altyýewiç Saryjaýewiň gatnaşmagy we işjeňlik görkezmegi aýratyn bellärliklidir.
Ýaş ilçiniň forumda çykyş etmek arkaly öňe süren pikirleri, eden teklipleri hem-de alyp baran gepleşikleri ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki zaman dünýäsindäki möhüm meseleler boýunça çuňňur garaýyşlara eýedigini we halkara gatnaşyklarynda işjeň orun eýeläp bilýändigini aýdyň görkezdi. Bu bolsa döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksady ýaş nesli watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, halkara derejesindäki çykyşlara ukyply şahsyýetler hökmünde kemala getirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara forumlara gatnaşmagy hem şol belent maksatlara ýetilýändiginiň subutnamasydyr.
Yslam Saryjaýew ýaly ýaşlaryň halkara derejedäki forumlara gatnaşmagy we ýurdumyzyň adyndan çykyş etmegi ýaşlar bilen alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň, olaryň döwletiň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady ösüşine işjeň goşant goşýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle halkara çäreler ýurdumyzyň ýaşlarynyň diňe bir içerki ösüş bilen çäklenmän, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň çözgüdine hem öz mynasyp goşandyny goşýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşary ýurtlardaky halkara forumlara gatnaşmagy, olaryň dünýä giňişliginde pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk gurmak, öz bilim we tejribesini giňeltmek ukyplaryny artdyrýar. Bu bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň berk binýadynyň döredilmegine hyzmat edýär.
Netijede, Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilen Ýaşlar forumy ýurdumyzy halkara derejesinde mynasyp wekilçilikde görkezmek bilen birlikde, ýaşlaryň hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, ösüşiň hem-de parahatçylygyň ilçileri hökmünde hereket edýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.