2025-nji ýylyň şygary we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreler geçirilýär. Şolaryň çäklerinde Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Çyzuw we materiallaryň garşylygy” kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Ogulbagt Orazdurdyýewa hem-de “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewa gatnaşmagynda “Berk binýatly tutumlar” atly tegelek stol geçirildi.
Bu çärede ýurdumyzyň içerki we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, ykdysady ösüşler we halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary barada çykyşlar edildi.
2025-nji ýyl ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de ykdysady ösüşinde aýratyn ähmiýetli ýyl hökmünde taryha girýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy bilen utgaşyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu taryhy seneler döwletimiziň daşary we içeri syýasatynda gazanýan üstünliklerini has-da dabaralandyrýar.
Tegelek stolda çykyş eden mugallymlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan sepgitler bilen bir hatarda, bilim, saglygy goraýyş, senagat, gurluşyk we ekologiýa ugurlarynda alnyp barylýan çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem ýylyň ilkinji dört aýynda amala aşyrylan işler boýunça berlen hasabatlara esaslanyp, ykdysady ösüşiň durnukly saklanylýandygy, býujet girdejileriniň meýilnamadan ýokary ýerine ýetirilendigi, iri maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Oba hojalygynda ýokary netijeler gazanylýar, senagatda bolsa täze döwrebap kärhanalaryň açylmagy bilen içerki önümçiligiň möçberi artýar. Şeýle-de, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu çäreler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Daşary syýasat ugrunda hem üstünlikli ädimler ädilýär. 2025-nji ýylyň dowamynda daşary ýurtlara amala aşyrylan saparlar, geçirilen duşuşyklar we gol çekilen resminamalar netijesinde, halkara hyzmatdaşlygy has-da berkeýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilen halkara forumlarda ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Bu çykyşlar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmaga esaslanýan syýasatynyň abraýyny has-da artdyrýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat halkymyzyň abadançylygyna, durnukly ösüşe we halkara giňişligindäki ornunyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň aýdyň beýanydyr. Şonuň üçin 2025-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhynda ösüşleriň, rowaçlygyň we parahatçylygyň ýyly hökmünde mynasyp orun alar.