“Watanymyzyň göwher gaşy — ajap paýtagtym” atly sergi

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde dabaraly ýagdaýda açylan “Watanymyzyň göwher gaşy — ajap paýtagtym” atly sergi paýtagtymyzyň gözelligini, ösüşini we medeni mirasyny şekillendiriş sungatynyň dili arkaly wasp edýär.

Şol gün Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň uly mugallymy Gyzylgül Annageldiýewanyň ýolbaşçylygynda 3-nji ýyl talyplary — “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” topary bilen göçme tejribe okuwy esasynda sergä gatnaşdylar.

Bu sergi — milli sungatymyzyň baýlygynyň, döredijilik güýjüniň hem-de beýik ösüş ýolundaky paýtagtymyzyň ajaýyp keşbiniň aýdyň beýanydyr.

Sergide ýurdumyzyň halypa we ýaş suratkeşleriniň Aşgabat şäherine bagyşlanan eserleri giňden orun alýar. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbi, gözel köçeleri, döwrebap binalary, seýilgähleri hem-de taryhy ýadygärlikleri surat, heýkeltaraşlyk we grafika eserleriniň üsti bilen çeper beýan edilýär. Bu eserlerde diňe bir şäher keşbi däl, eýsem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhubelentligi, parahatçylyk söýüjilik ruhy hem öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bu sergi arkaly paýtagtymyzyň ösüşine, onuň taryhy we medeni ähmiýetine sungatyň üsti bilen täzeçe nazar bilen garamagy maksat edinýär. Serginiň her bir işi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamalarynyň hem-de Aşgabadyň dünýä derejesindäki metropolise öwrüliş ýolunyň çeper beýanydyr.

“Watanymyzyň göwher gaşy — ajap paýtagtym” atly bu döredijilik çäresi halkymyzyň paýtagta bolan buýsanjynyň, söýgüsiniň hem-de türkmen medeniýetiniň ýokary derejesiniň aýdyň nyşany bolup hyzmat edýär.