Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, zehinli talyplary ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň, magistrleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň, kompaniýalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat-milli binagärligiň merjeni, ylym-bilimiň mesgeni” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Halkara ylmy-amala maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergi hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan döredilen döwrebap taslama işleriniň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Zehinli ýaş binagärleriň gaýtalanmajak pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän bu işler Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň mundan beýläkgi ösüşine täzeçil garamaga iterýär. Serginiň özüne çekiji giňişligi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylyşyny aýdyň şöhlelendirdi.
Institutda ekologiýa we tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar. Institutda ylym, bilim we önümçiligiň arabaglanyşygyny utgaşykly alyp barmak boýunça 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda IT ylmy-tehniki merkezi döredildi.
Maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ylmy edaralaryň alymlarynyň we kompaniýalaryň hünärmenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek hem-de tejribe alyşmakdan ybarat.
Halkara ylmy-amaly maslahatda ABŞ-nyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Italiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlary hem-de ylmy edaralarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş eden daşary ýurtly alymlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman şäher gurluşygynyň innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinden soňra maslahatyň işi bölümlerde dowam etdirildi. Maslahatyň “Häzirki zaman binagärlik sungatynda milli nagyşlaryň orny” atly bölümi Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirildi. Bu bölüminiň işine gatnaşmaga baran alymlar, professor-mugallymlar we ylmy barlag edaralarynyň wekilleri Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Myhmanlar talyp ýaşlar we mugallymlar tarapyndan ýerine ýetirilen taslama eserleri bilen içgin tanyşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy wezipeleri bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen utgaşmagyny gazanmakdan, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy pikir alyşmalaryny guramakdan we zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, ylma çekmek we ylmy derejeli işgärleri taýýarlamakdan, önümçilik we ylmy-barlag, gözleg işlerinde ýüze çykýan derwaýys ylmy hem-de amaly meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.
Häzirki döwürde eziz Watanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata-babalarymyzdan miras galan, milli binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi.
Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi hökmünde ykrar edilen merjen paýtagtymyz ak şaherimiz Aşgabat-ýokary depginler bilen ösýän döwrebap şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Milli binagärligiň gadymy däpleri bolsa bu aýratynlygyň özenini düzýär.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy