Asyrlaryň pähimi — geljekki gurluşykçynyň ruhy ösüşiniň binýady!

ÝAŞ ALYMLAR ÜÇIN PÄHIM-SAPAKLARYŇ MEKDEBI

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde neşir edilen «Mugallymlar gazeti» gazetiniň täze sanynda «Rowaýatlar ummanyndan» atly örän täsirli makala çap edildi. Bu gyzykly maglumatlaryň awtory institutymyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baba Myratberdiýew.

Awtory öz makalasynda geçmişiň beýik akyldarlary — Abdurahman Jamy we Mahmyt Zamahşary ýaly pähimdarlaryň mirasyna ýüzlenýär. Gadymy rowaýatlaryň üsti bilen makala bilimiň hakyky mazmunyny açyp görkezýär: kitap öz syrlaryny diňe oňa ýürek bilen çemeleşýänlere açýar, hakyky ylym bolsa durnuklylygy we ruhy gyzgynlygy talap edýär. Makala diňe bir hünär ussatlygyna däl, eýsem ruhy kämilleşmäge çalyşýan talyplara, mugallymlara we ýaş alymlara niýetlenendir.

Sizi pederlerimiziň pähimlerinden ylham alyp, täze ylmy we döredijilikli ýeňişlere sary ruhlanmak üçin bu gymmatly makala bilen tanyşmaga çagyrýarys!


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.