Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijileri Jelilmuhammet Hojamyradow we Jahan Durdyýewa dagylar hormatly Prezidentimiziň şa serpaýy, ýagny “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglandylar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Permany bilen olara “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly at hem dakyldy. picture

2017-nji ýylda sportuň Ýeňil atletikanyň 4х100 estafeta, 400 m görnüşleri boýunça Belarussiýa Respublikasynyň açyk çempionatynda institutyň talyby Azat Wemmiýew üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir bürünç medallara mynasyp bolýar, şeýle hem sportuň Ýeňil atletikanyň 4х100 estafeta, 400 m ylgamak görnüşleri boýunça institutyň talyby Eziz Sähetnyýazow üstünlikli çykyş edip, iki altyn, bir kümüş medallaryň eýesi bolmagy başarýar.

2018-nji ýylyň fewral aýynda Helsinki şäherinde geçirilen Finlýandiýanyň açyk çempionatynda sportuň Kikboksing “K-1” görnüşi boýunça institutyň talyby Pygy Sylabow üstünlikli çykyş edip, altyn medalyň eýesi bolmaklygy başardy.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Indoneziýa döwletiniň paýtagty Djakarta şäherinde geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda sportuň Jiu-jitsu göreşi boýunça institutyň talyby Kemal Meredow 53 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolýar.

Institutymyzyň talyplarynyň sportda gazanan uly üstünlikleriniň hatarynda 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Çehiýa Respublikasynyň Ostrawa şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda sportuň Jiu-jitsu görnüşi boýunça institutymyzyň talyplary Jelilmuhammet Hojamyradow altyn we kümüş medallaryna, Kemal Meredowyň bolsa altyn medala mynasyp bolandyklaryny hem görkezmek bolar.

2019-njy ýylyň aprel aýynyň 4-8-i aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde sportyň Kikboksing görnüşi boýunça 4-nji Halkara derejeli Ýewropanyň açyk kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşda 60 kg agram derejesinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Silabow Pygy üstünlikli çykyş edip, sportyň Full kontakt görnüşinde 1-nji orny eýeleýär we altyn medala mynasyp bolýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Hojamyradow Jelilmuhammet 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 14-18-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Dagestan Respublikasynyň Mahaçkala şäherinde sportyň Brazilýa jiu-jitsu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 69 kg agramda çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär we altyn medala mynasyp bolýar. Şeýle hem, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-4-i aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen bütindünýä ýaryşlarynda sportyň KomBAT jiu-jitsu görnüşi boýunça 69 kg agramda çykyş edip, 1-nji orny eýeleýär we altyn medala mynasyp bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar