Institutyň talyp türgenleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar bilen geçirilýän Uniwersiýada ýaryşyna sportuň 23 görnüşinde çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Institutda sportuň woleýbol görnüşi boýunça “Binagär” ýygyndy topary döredilen we Türkmenistanyň ýokary ligasynda yzygiderli çykyş edýär. Institutymyzyň “Binagär” woleýbol topary 2015-nji we 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Milli woleýbol merkeziniň göçme kubogynyň eýesi boldy. Sport-img Şeýle hem, 2016, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň üç gezek çempiony boldy.

2016-njy ýylda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde sportuň Stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda institutyň talyby Oguljennet Nyýazgylyjowa I-nji orna we altyn medala mynasyp bolýar.

2016-njy ýylyň dekabr aýynda Estoniýa Respublikasynyň paýtagty Tallin şäherinde sportuň Kikboksing görnüşi boýunça geçirilen Estoniýanyň açyk çempionatynda institutyň talyby Pygy Silabow 57 kg agram derejesinde çykyş edip, I-nji orna we altyn medala mynasyp bolýar.

Institutyň talyby Annamyradow Muhammet, V-nji Aziýa oýunlarynyň resmi keşbini we “Duralga”, “Ýolüsti binasy” atly bezeg işleriniň taslama nusgalaryny ussatlyk bilen taýýarlandygy üçin, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn zynjyrynyň eýesi boldy.Sport-img

2017-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sportuň Sambo görnüşi boýunça Aziýa çempionatynda institutyň talyby Ýagmyr Orazdurdyýew 52 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň Jiu-jitsu “Duo klassik” görnüşinde institutyň talyby Jelilmuhammet Hojamyradow üstünlikli çykyş edip, ilkinji altyn medaly Türkmenistan Watanymyza sowgat etdi, mundan başgada ol sportuň Sambo “Ne-Waza” görnüşi boýunça 69 kg agram derejesinde çykyş edip, II-nji orna we kümüş medala mynasyp bolýar. Sportuň Jiu-jitsu “Duo Şow” görnüşinde institutyň talyby Jahan Durdyýewa üstünlikli çykyş edip, I-nji orna we altyn medala, şeýle hem Jiu-jitsu “Duo Klassik” görnüşinde çykyş edip, II-nji oruna we kümüş medala mynasyp bolýar. Sportuň Sambo görnüşinde institutyň talyby Begmyrat Meredow üstünlikli çykyş edip, II-nji orna we kümüş medala mynasyp bolýar. Sportuň Kikboksing “Full-contact” görnüşi boýunça institutyň 2-nji ýyl talyby Pygy Silabow 57 kg agram derejesinde çykyş edip, II -nji orna we kümüş medala mynasyp bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar