2019-njy ýylyň 9-13-nji dekabry aralygynda Harkow şäherinde (Ukraina) sportuň uşu (MMA) görnüşi boýunça dünýä çempionatynda institutyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Hojamyrat Döwletow üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň 11-17-si dekabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde karate boýunça “Orta Aziýa çempionaty” atly halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagärlik” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Baýryýew Baýry 67kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, III oruna mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň 29-njy dekabry 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwary aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen karate boýunça “BOSPHORUS GUP” halkara ýaryşynda Baýryýew Baýry üstünlikli çykyş edip, III oruna mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň fewral aýynyň 3-5-i aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen sportuň Grek-rim görnüşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda institutyň talyby Nepes Kakalyýew 97 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I oruna we altyn medala mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň maý aýynyň 3-4-ne Aşgabat şäherinde geçirilen sportuň Jiu-jitsu görnüşi boýunça “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli Türkmenistanyň çempionatynda institutyň talyby Merjen Rahiýewa 62 kg agram derejesinde “close contact” görnüşinde üstünlikli çykyş edip, I oruna we altyn medala mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň maý aýynyň 28-30-i aralygynda Aşgabat şäherinde erkekleriň hem-de aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen Sambo boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda institutyň talyby Sapa Sapaýew +100 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I oruna we altyn medala mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 1-4-i aralygynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen “KURAŞ” göreşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda institutyň talyplary Sapa Sapaýew +100 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I oruna we altyn medala mynasyp bolýar we Hydyr Allaberdiýew 66 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, II oruna we kümüş medala mynasyp bolýar.

2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 13-16-sy aralygynda 2019-njy “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda woleýbol boýunça zenanlar klub toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda institutyň “Binagär” topary üstünlikli çykyş edip, I oruna we türgenler altyn medallara mynasyp bolýarlar.

2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 21-22 aralygynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde sportuň Kross ylgawy boýunça Türkmenistanyň Çempionatynda 12 km (43.37.52) aralygynda institutyň talyplary Öwlýagulyýew Maksat üstünlikli çykyş edip, I oruna we altyn medala mynasyp bolýar we Agamyradow Mekan üstünlikli çykyş edip, II oruna we kümüş medala mynasyp bolýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar