15-11-2026
207
ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM WEZIPELERINE BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik jogapkärçiligini berkitmek hem-de milli we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dürli nesilleriň we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleriniň bir ýere jemlenmegi ýaşlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek hem-de ýaş nesli watansöýüjilik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýetini görkezdi. Şeýle duşuşyklar ýaşlaryň durmuş tejribesini baýlaşdyrmakda, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmekde we nesilleriň arasyndaky ruhy-ahlak arabaglanyşygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Çäre Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge, şeýle hem bu möhüm resminamalaryň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin düşündirmäge gönükdirildi. Duşuşygyň esasy maksatlarynyň biri ýaşlaryň hukuk düşünjelerini kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek boldy.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek hukuk bozulmalarynyň, adam söwdasy bilen bagly howplaryň we beýleki ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek, ýol hereketiniň düzgünlerine eýermek hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýaşlaryň migrasiýa meseleleri boýunça hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň, öz hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düşünmeginiň hem-de durmuşda jogapkärli çözgütleri kabul etmek endiklerini ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda ýaşlaryň psihologik abadançylygyny goramak, kyn durmuş ýagdaýlarynda olara öz wagtynda goldaw bermek, psihologik maslahat hyzmatlaryna elýeterliligini ýokarlandyrmak we öz janyna kast etmek ýaly pajygaly ýagdaýlaryň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigi hem bellenildi. Mundan başga-da, maşgala gatnaşyklaryny berkitmek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna düşünmek, ýaşlaryň arasynda özara hormat goýmak medeniýetini ösdürmek hem-de milli maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak ýaly möhüm ugurlara üns çekildi.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän milli we halkara derejeli medeni-köpçülikleýin çäreleriň asuda, guramaçylykly we howpsuz ýagdaýda geçirilmeginde ýaşlaryň jogapkärçiliginiň ähmiýetine hem aýratyn orun berildi. Ýaş nesilde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, halallyk we päk zähmete ygrarlylyk ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmegiň, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamagyň hem-de maşgala mukaddesligine hormat goýmagyň zerurdygy nygtaldy.
Ýurdumyzda ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, hünär taýdan taýýarlykly we jemgyýetçilik işjeňligi ýokary şahsyýetler bolup ýetişmegi ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlaryň hukuk düşünjelerini giňeltmäge, olaryň durmuşda özbaşdak we jogapkärli çözgütleri kabul etmek ukyplaryny ösdürmäge, milli gymmatlyklarymyza bolan hormatyny berkitmäge hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygy hem ýaş nesliň hukuk we durmuş meseleleri boýunça düşünjelerini giňeltmäge, olaryň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine, nesilleriň arasyndaky özara düşünişmegi berkitmäge hem-de ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza çuňňur buýsanç, söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen möhüm çäreleriň biri boldy.
Orazberdi Çaryýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy
Hemmesi