Täze “Awtomatlaşdyrylan hasaplaýyş ulgamlary” okuw kitaby çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Bagty Kulyýewanyň we Maýa Ýalkapowanyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Awtomatlaşdyrylan hasaplaýyş ulgamlary” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitaby Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlenildi.

Okuw kitaby bäş bölümden ybarat bolup, olarda maglumat hasaplaýyş ulgamlary, kompýuterleriň gurluşy, köp prosessorly hasaplaýyş ulgamlary, programma üpjünçiligi, gözegçilik hasaplama amallaryny awtomatlaşdyrmak, maglumatlar gorunyň kompýuterleri, ýatda saklaýjy enjamlar, gaty magnit disklerdäki ýygnaýjylar we awtomatlaşdyrylan hasaplaýyş ulgamlary bilen baglanyşykly  beýleki giňişleýin magtlumatlar berilýär. 

Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy, mikroelektronika we ýarym geçiriji enjamlar, senagat elektronikasy hünärleriniň talyplary üçin niýetlenendir.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölümi