
Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary “Binagärlik” kafedrasynyň uly mugallymy Ä.Gubaýewa, mugallym A.Ilmyradowyň we mugallym-öwreniji J.Annamyradowanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne okuw sagatlaryndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän Şähryslam ýadygärligine göçme okuw sapagyny geçirdiler. Bu ýadygärlik IX-XIV-asyrlary öz içine alyp, Bäherden etrap merkezinden 20 km demirgazyk-günbatar tarapynda ýerleşýär.

Bu tejribe okuw sapagynyň maksady Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba we şäherleriň keşbini tanalmaz derejede özgertmek, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri bilen talyp ýaşlary ýakyndan tanyşdyrmakdyr. Mundan başga-da, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň binagärlik mirasymyzy wasp etmek, binagärlik sungatynda gazanan belent sepgitlerini öwrenmek hem-de talyp ýaşlary täze döredijilik eserlerini döretmäge ruhlandyrmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar.


