Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň uly mugallymy Zlaýha Orazowa “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň akylly-jemgyýet konsepsiýasyny wagyz etmek” atly temada fakultetiň professor-mugallymlarynyň arasynda okuw-usuly seminary geçirildi.

Bu seminarda Ýurdumyzyň ilatynyň ýokary derejede durmuş taýdan goragyny üpjün etmek ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!. Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarynda beýan edilen taglymatyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy” we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň sebitde we halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalary hem uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň Durmukly maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça öňe sürýän başlangyçlary BMG we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldawa eýe bolýar.