«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we maslahatyň geçirilmeginiň çäklerinde Belarus Respublikasynyň Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Şirfel Pawel Iwanowiç we Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekanynyň orunbasary Taşkewiç Olga Wladimirowna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşykda Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň alyp barýan okuw-usuly we ylmy-barlag işleri we halkara tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň dowamynda belarusly myhmanlar professor-mugallymlara häzirki zaman binagärlik çözgütleri, sanly innowasiýalar, gurluşyk materiallarynyň täze görnüşleri we şäher gurluşygynda ulanylýan kämil inženerçilik usullary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Paýtagtymyzda geçirilýän “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” halkara sergisiniň çäklerinde öz sergi pawilýonlaryny hem gurnandyklary barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, tehniki ylymlar boýunça ylmy-barlaglary geçirmek bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmak, şeýle-de innowasion gurluşyk tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça özara tejribe alyşmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler hem-de myhmanlar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Duşuşygyň jeminde şeýle halkara çäreleriniň we akademiki mobillik maksatnamalarynyň yzygiderli geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklary we ylmy taýýarlyk işlerini mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly goşant goşjakdygy ynamly bellenildi.

Duşuşykdan soňra myhmanlaryň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda gurnalan iň häzirki zaman tejribehanalaryna aýlanyp, bu ýerde döredilen innowasion mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Myhmanlar bu döredilen tejribehanalara we olarda döredilen mümkinçilikleri ýokary baha berdiler.

Institutda ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmiki, maglumat we maglumat tehnologiýalary ýaly ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça önümçilikleriň wajyp meselelerini çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alnyp barylýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Belarus Milli tehniki uniwersitetiniň arasynda 2014-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde baglanyşylan halkara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk saklaýar.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy